Kesp-kärini ykbalyna, ömrüniň manysyna öwren we zehin-başarnygyny şoňa bagyş edýän adamlar iň sarpaly ynsanlardyr. Olaryň ýürek yhlasy siňen işler il-halkyň kalbyny gülledýär, göwnüni joşdurýar, ählihalk söýgüsini gazanýar. Çagalaryň söýgüli şahyry Azat Rahmanow hem şeýle ykbally ildeşlerimiziň biri. Ol — körpeje çagalara, olaryň geljegine, giň düşünjeli kemala gelmeklerine gönükdirýän söýgi-yhlasyny bol hasylly döredijilik bagynyň gül-çeçegine, şirin miwelerine öwren şahyr. Ýakynda çagalar şahyry Azat Rahmanow bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn sowal-jogaplar örän täsirli boldy. Şol keýpiçag pursatlaryň mazmuny 75 ýaşy arka atan halypa şahyrymyzyň goşgularynda has aýdyň şöhlelenýär.
AK GAZJAGAZ