Wepadar dostlar (Hekaýa)

22 Aprel 2021
1475

Birinji synpy tamamlan Ballyjygyň tomusky dynç alyş döwrüniň on gününi çölde, atasynyň çopan goşunda geçirmegi onda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Seleň sähranyň görmeseň ynanylmajak gözelligi, iki ýana bökjekleşýän owlak-guzular, «hyh, çök» diýip, owsaryndan çekilse, buýrugy iki gaýtalatmaýan mähnet düýeler hakynda onuň berýän gürrüňleri şäherli oglanjyklary şeýle bir geň galdyrýardy welin, hiý, goýaý. Bu zatlar hakynda gürrüň beren pursatlary Ballyjyk dostlarynyň özüne gözügidijilik bilen seredýänini bilip, has-da joşýardy. Ylaýta-da, atasynyň iň ýakyn kömekçisi Alabaýyň, onuň ýumak ýaly togarlanyp ýören güjüjekleri hakyndaky söhbetleri gaty üýtgeşikdi. Beýle söhbetler oglanlaryň goýun itleri hakyndaky ozalky eşiden-gören zatlaryndan täsirlidi. Has geň ýeri hem, Ballyjygyň olar bilen edil ýakyn dostlar ýaly, ylgap-towsup oýnaýyşlary barada aýdýanlarydy. Şonda oglanlar Balla biri-birinden ýakyn durmaga çalyşýardylar. Söhbediň sähel böwşeňlän pursady bolsa «men eýderdim, men beýderdim» diýip, çaga häsiýetleri bilen öwnäýýän gezekleri hem bolman duranokdy. Şonda Bally:

— Dostlar, sizem gidiň, görersiňiz — diýip, gyzykdyryp, has içgin gürrüňe başlaýardy.

Nowruz GURBANMYRADOW.