Momotaro (Ýapon ertekisi)

22 Aprel 2021
1689

Gadym zamanlarda bir goja bilen garryja mama ýaşar eken. Goja-ha günde daga odun ýygmaga, mama bolsa derýada egin-eşik ýuwmaga gider eken. Günlerde bir gün mama kir ýuwup otyrka, suw bilen tigirlenip akyp gelýän şetdalyny görýär. Ol: «Be-e, bu nähili ullakanja miwe eken, muny baba bilen bileje iýeris» diýip, ony öýüne alyp gaýdýar. Goja öýe gelende, kempiri oňa şetdalyny görkezip: «Hakykatdan hem, ullakanja miwe. Gel, bileje iýeli» diýýär we şetdalyny kesjek bolýar. Şol wagt şetdalynyň içinden bir oglanjyk çykýar. Mama:

—Waý, şetdalynyň içinden oglanjyk çykdy, özi-de bir gowuja! — diýip, aňk-taňk bolýar. Adamlar oglanjygyň ady Momotaro bolsun diýýärler. Ýerli halkyň dilinde «Momotaro» diýmek «şetdalydan çykan oglanjyk» diýen manyny aňladýar eken.

Ýapon dilinden terjime eden Nurana HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň okuwçysy.