Edermen türkmen alabaýy

15 Aprel 2021
3443

Taryh halkymyzyň haýsydyr bir işiň başyny başlasa, oňa diňe bir ähli güýjüni we ukybyny däl, eýsem, kalbyny hem siňdirýändigini görkezýär. Çünki biziň ata-babalarymyzyň döreden medeni, ruhy we maddy gymmatlyklary teşne kalbymyza teselli berýär. Olary gorap saklamak, kämilleşdirmek we ösdürip ýetişdirmek şu günki günüň talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamaga, ýaş nesillerimizde olara söýgi döretmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygymyzy ösdürmek maksady bilen, «Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Bu bolsa rowaçlyklardan rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz esasynda durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň döreden mertligiň we wepalylygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýlary ösdürip ýetişdirmek we onuň arassa tohumyny gorap saklamak hakynda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde garadan gaýtmaz sak goragçy — bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdirler we olary diýseň eý görüpdirler. Iň ýakyn dost hasaplapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolan milletiň buýsanjy — ahalteke bedewleri bilen birlikde, alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň nusgasy şöhlelendirilýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip, türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýär. Şeýle hem «Türkmen alabaýy» atly goşgusyndaky:

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.