Şu günki hereket — ertirki bereket

7 Aprel 2021
1692

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu möwsüminde etrabymyz boýunça 20200 gektar ýere gowaçanyň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşleriniň ekilmegi bellenilip, bu iş barha giň gerime eýe bolýar. Gowaça ekişi, esasan-da, «Pagtaçy» daýhan birleşiginde has güýçli depginde barýar. Şu ýyl hojalyk boýunça 1280 gektar ýerde gowaça hasylyny ýetişdirip, bereketli güýzde 2280 tonna  «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmak üçin kärendeçileriň 606-sy daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdy. Daýhan birleşiginde kärendeçiler toparlarynyň 11-si bolup, häzirki wagtda ekiş Durdy Begjanowyň ýolbaşçylyk edýän 5-nji kärendeçiler toparynda ýokary depginde dowam edýär. Ýerleri sürmekde, ekiş geçirmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Begenç Arazow, Aly Hojaýew dagy Töremyrat Nazarow, Ezizgeldi Kösäýew dagy gaýratlylyk görkezýärler. Şeýle hem sürlen ýerlere mala basmakda, tohum daşamakda daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Döwletmyrat Hangeldiýew, Atajan Nurakow, Arazgylyç Balow dagy yhlasly zähmet çekýärler.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.

* * *