Sähranyň bezegi

3 Aprel 2021
1677

Daýhan zähmetiniň netijesi güýzde belli bolýan bolsa, maldaryň çeken zähmeti ýazda äşgär bolýar. Owlak-guzularyň mäleşýän sesleri bu ýyl çopan-çoluklaryň çeken zähmetiniň ýerine düşendiginden habar berýär.

Hawa, Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl gyşdan başy tükel alyp çykan 84 müň 373 ene goýunlaryndan 76 müň 865 guzy alyp, bu baradaky meýilnamany 100,3 göterim berjaý etdiler. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maldarlaryň iki müňe golaý guzyny öňki ýyldakydan köp alandygyny görkezýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan maldarçylyk hojalyklarynyň 8-sinde hem öz işine ussat, tejribeli çopanlar zähmet çekýärler. Oglanlygyndan malyň yzyna düşüp, ata kesbini dowam etdirýän ýaşlar her bir maldarçylyk hojalygynyň esasy daýanjy hasaplanýar. Şeýdip, maldarçylykda halypa-şägirt ýoly dowam etdirilýär. Ähli çopan toparlary maşgala agzalaryndan düzülip, maldarlar maşgalasy emele gelýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).