Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri özleriniň mukaddes borjuna eýermek bilen, asudalygy, parahatçylygy üpjün etmek, raýatlaryň arasynda düzgün bozulmalaryň öňüni almak ugrunda irginsiz iş alyp barýarlar. Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri hem bu il-ýurt bähbitli işlere saldamly goşant goşýarlar.
Biz işimizde Türkmenistanda hereket edýän kanunlardan we kanunçylyk namalaryndan ugur alýarys. Olar bolsa yzygiderli kämilleşdirilip durulýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýylyň 2-nji martyndan Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, otuz senenama möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistanda bolmaga, ondan gitmäge hem-de ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen BMG-niň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzda iş alyp barýan döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadyldy. Şeýle ýeňillikleriň döredilmegi BMG-niň we onuň düzümleriniň daşary ýurtly işgärleriniň ýurda gelip gitmeklerini ýeňilleşdirýär we üstlerine ýüklenilen wezipeleri tiz wagtyň içinde ýerine ýetirmekleri üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle taryhy çözgütleriň aňyrsynda bolsa sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen gatnaşyklary netijeli ýola goýmak ugrunda edilýän aladalar durýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa bu örän uly ähmiýete eýedir.