Dostluga çagyryp bütin dünýäni

2 Aprel 2021
1887

Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna geçen ýyl çärýek asyr doldy. 25 ýyl taryh üçin onçakly kän wagt bolmasa-da, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä syýasatynda öz mynasyp ornuny berkitmegi başardy. Häzirki wagta çenli Bitarap Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy boldy. Şeýle-de giň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrüldi. «Demirgazyk — Günorta» demirýol ulag geçelgesini, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, gurlup, ulanylmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy polat ýollaryny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen ýola goýan gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Eziz Arkadagymyz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygyň berkemegi, il-günümiziň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ygtybarly şertleri döredýär. Hut şuňa görä, ata Watanymyzda goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagy güneşli ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, bir tarapdan, berk goralmagyny, beýleki bir tarapdan, goňşy döwletleri we halklary has-da ysnyşdyrýan dost-doganlyk serhedi bolmagyny gazanmagy talap edýär.

Bagtyýar HAKNAZAROW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.