Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklary has-da ösdürildi we dünýä ýaýyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzyň asudalygy dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar.