Ylym bagtyň gözbaşydyr

29 Mart 2021
2192

Ynsan üçin ylym we bilim bahasyz baýlyk, gymmatly hazynadyr. Şeýle baýlyga eýe bolan adamlar jemgyýetimize köp peýda getirmäge ukyplydyrlar. Hut şular ýaly başarjaň adamlaryň birleşen tagallalary netijesinde ýurdumyz düýpli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu misilsiz hakykaty nygtamak bilen, ylmydyr bilimi ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürýär we bu babatda möhüm resminamalary kabul edýär, giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Dünýä nusgalyk işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Bilim hakynda» Kanunyna laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde bu ulgamyň maddy-tehniki binýady düýpli gowulandyrylýar, täze ylym we bilim ojaklary açylýar. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak artykmaçlyk etmez. Ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meselelere ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde garalmagy döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary hakynda çynlakaý alada edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Sebäbi ata Watanymyzyň röwşen geljegi ýaşlaryň elindedir.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda edýän tagallalary deňsiz-taýsyzdyr. Şeýle aladalaryň netijesinde ýurdumyz kosmos döwletine öwrüldi. Ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak, iň öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan önümçilik desgalaryny gurmak boýunça-da uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.

Tawus GOTDAÝEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.