Parahatçylyk ýörelgelerimiziň waspy

29 Mart 2021
2217

Asudalyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ykrar edilen ajaýyp ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň halkara abraýy Ýer ýüzüne ýaň salýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar edilmegini goldaýar. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen gazanýan üstünliklerimiziň, halkara derejesindäki at-abraýymyzyň, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygyny subut edýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, şu güni we geljegi bolsa eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, her bir meseläni ylalaşyk arkaly çözmek biziň ata-babalarymyza mahsus ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri hem şu ýörelgeleriň asyrlar aşyp, has-da kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň parahatçylyk taglymatlary, adalatly jemgyýeti döretmek pikirleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň, etnografiýa çeşmeleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşykly gatnaşyklar we birek-birege ýardam bermek arkaly ynanyşmagy berkitmek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň milli däpleriniň naýbaşysydyr.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
maýor.