Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz ylmy esasda öwrenilýär. Geçmişde ýaşan taryhy şahsyýetlerimiziň – şahyrlarymyzyň we alymlarymyzyň ömri-döredijiligi, bize miras galdyran edebi, taryhy, ylmy, pelsepewi eserleri bilen bir hatarda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşap, döredip, türkmen edebiýaty we dili, milli elipbiýi bilen baglanyşykly ylmy işleri arkaly yz galdyran alymlarymyzyň döredijiligi hem giňden öwrenilýär. Şeýle alymlarymyzyň biri-de dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Haýdar Muhyýewdir.
Talyplyk ýyllarymyzda eýýäm alym halypamyz Haýdar aganyň dil bilimine degişli kitaplarydyr makalalary bilen ýakyndan tanyşdyk. Halypamyzyň S.Kürenow bilen bilelikde taýýarlan “Türkmen dilçileri” atly kitaby bizi türkmen dilçileriniň ömür-döredijiligi bilen tanyşmagymyza, derslerimizde peýdalanmagymyza uly mümkinçilik beripdi.