Türkmen telekeçileri: milli ykdysadyýetimiziň synmaz kuwwaty

22 Mart 2021
2255

Häzirki wagtda Türkmenistan bazar ykdysadyýetini gurýan we telekeçiligi ösdürýän güýçli senagat döwletine öwrüldi. Ykdysady taýdan ösen ýurdumyzda telekeçilere yzygiderli döwlet goldawlary berilýär we hususy pudagy ösdürmek üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz bolsa, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Söwda-senagat edarasynda telekeçilerimiziň gatnaşmagynda guralan sergi we maslahat aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty telekeçilerimiziň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini doly açyp görkezýär. Türkmen telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän agzalan düzümiň döredilen gününe bagyşlanan bu sergi san görkezijiler we täzeçillik babatda-da beýlekilerden has-da tapawutlanýar. Oňa iki ýüze golaý telekeçiler gatnaşyp, olar häzirki zaman usullary esasynda öndürýän ýokary hilli önümlerini köpçülige hödürlediler.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».