«Güneşiň» ýürek arzuwlary

20 Mart 2021
1503

Zeminiň zynaty, eziz eneler! Siz — dünýäsi gülden görkli, zybany bal-şerbetli, ýüreklerdäki ornuny hiç kim dolduryp bilmejek, iň mähriban ynsanlarsyňyz! Gün öz howruny mähriňizden, tebigat asyl gözelligini keşbiňizden alýar. Mylaýym ýeller siziň hoşgylawlygyňyzy, bereketli toprak siziň sahylygyňyzy gaýtalamak isleýär. Ak garlar arzuwyňyzdan, läle-reýhanly meýdanlar ýaşaýşa bolan hyjuwyňyzdan reňk alýar. Eý, jennet aýaklarynyň astynda diýlen eziz eneler, siziň her sözüňizde perzent göwnüne ganat bitirýän gudratly güýç bar. Siz — bu dünýäniň altyn-zerden zyýada ruhy baýlygyny gyzgyn ýüregiňizde jemleýän mähriban käbelerimiz! Siz — adamzat ýaşaýşynyň beýik manysy, güýç-kuwwaty, görki hem durkusyňyz! Goý, nesil dowamatyny bar edýän ene gudraty siziň bilen baky berkligini gorasyn. Goý, ene gujagynda, ata ojagynda ösüp, kemala gelen perzentler ene süýdüni yhlas bilen haklap, Watan duzuna her demde wepaly bolsunlar. Siziň barlygyňyzda asmanymyz asuda, durmuşymyz abadan, dünýämiz ala-ýaz bolsun! Bu gün siziň baýramyňyz, eziz eneler! Baýramyňyz gutly bolsun! Gahryman Arkadagly asuda Watanda saglyk hem göwün hoşlugy bilen uzak ýaşaň, mähribanlar!

***

«Güneş».