Adyň aýdym, Aşgabadym!

20 Mart 2021
1715

Aşgabat agşamy — asmany Aýly agşam. Öz ýanymdan geçeniň, geljegiň pikirini öwrüp, ähli amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýynyň on birinji gatynda ýerleşýän öýümiziň penjiresiniň öňünde durup, paýtagtymyzy — merjen şäherimiz Aşgabady synlaýaryn. Diňe töwerege däl, hatda nurly asmana-da ýalkymy düşýän müňlerçe, belki-de, millionlarça çyra bu şäheri lagly-merjenden, dür hem göwherden gaş goýlup ýasalan äpet gülýaka meňzedýär. Gudrat diýibem şuňa aýdaýsaň!

Gülsere JUMAÝEWA,
«Güneş».