Türkmen halkynda Nowruz däpleri bilen bagly birnäçe milli oýunlar bar. Aslynda, toý-baýramlaryň şatlyk-şagalaňy, oýundyr ýaryşlary ýaşaýyş durmuşyň şatlygyny artdyrmagyň, iş-aladalary wagtlaýynça ýatdan çykaryp, gyzykly dynç almagyň bir görnüşidir. Şoňa görä-de, her bir türkmen toýunda bolşy ýaly, halkara Nowruz baýramynda hem ýörite taýýarlanylýan toý naharlary, geýilýän toý lybaslary, geçirilýän tomaşalardyr milli oýunlar, ýaryşlar, bäsleşikler adamlaryň ruhuny göterýär. Bu baýram bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan halk oýunlarynyň taryhy kökleri gadymyýetden gaýdýar. Mähriban çagalar, biz hem size öz gözbaşyny merdana pederlerimiziň — gadymy oguz-türkmen kowumlarynyň medeni däplerinden alyp gaýdýan käbir Nowruz milli oýunlary barada gürrüň bermekçi.
Aşyk oýny — «Tänderdi». Nowruz we beýleki milli baýramçylyklarda oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny şüweleňli milli oýunlarynyň biridir. Aşyk oýny üçin ownuk we iri şahly mallaryň aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Uly aşyk süňküne «topaz», has kiçijik aşyk (guzy aşygy) süňküne bolsa «müji» diýlipdir. Aşygyň dört tarapynyň hersine özboluşly at berlipdir: aşaky giň aýlawly tarapyna «alçy» (at), ýasy tarapyna «tagan» (eşek), gapdalky çökgüt tarapyna «jikge», beýleki galybrak duran tarapyna bolsa «dükge» diýilýär. Oglanjyklar aşygyň jikge tarapyny köwüp, içine gurşun guýýarlar we ony «kenek» diýip atlandyrýarlar. Kenek agyrrak bolup, zyňmak üçin amatly bolýar. Adatça, her oglanjykda bir kenek aşyk bolmaly.