Gulakhalka

19 Mart 2021
2225

Türkmen zenanlarynyň durmuşyna gadymy döwürlerde ornaşan şaý-sepleriň biri-de gulakhalkadyr.

Halkymyzda irki döwürlerden bäri gyzjagazlar üç-bäş ýaşyndaka, käbir ýerlerde bolsa çaga bir ýaşynyň içindekä gulak deşdirmek däbi berjaý edilipdir. Bu dabaraly däp, esasan-da, bahar gelip, ilkinji garlawaçlar görnüp başlanda tutulypdyr. Gulak deşmek işi eli ezber enelere ynanylypdyr. Halk arasynda olara «Sümen» ýa-da «Sümen daýza» diýlipdir. Sümen daýza täzeje iňňä işilen saryja sapak geçirip, ony şerebä ýatyryp zyýansyzlandyransoň, gyzjagazyň gulagyny şol iňňe bilen deşipdir. Sapajyk çaganyň gulagynda ýarasy bitýänçä saklanyp, soňundan onuň ýerine altyn ýa-da kümüş gulakhalka dakylypdyr.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.