Mähriban çagalar, Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýip nygtaýar. Çuňňur manyly bu jümle her bir perzendiň durmuşynda eziz enäniň eýeleýän belent hem mertebeli ornuny öňe çykarýar. Bu dürdäne jümläniň aňyrsynda uly many, eziz eneleriň çaga terbiýesine siňdirýän ummasyz uly yhlas-zähmeti, mähir-muhabbeti bar. «Çaga terbiýesi sallançakdan başlanýar» diýýärler. Perzent terbiýesiniň tohumlary hem şol söýgä eýlenip, şineläp, durkuna gelip başlaýar. Şu jähetden-de, perzendiň ilkinji terbiýesiniň ejeden gaýdýandygy jedelsiz hakykatdyr. Ene öz hüwdüsi bilen bäbejigiň akylyna aň, kalbyna terbiýe siňdirýär. Terbiýäni maksadalaýyk guramak örän çylşyrymly zähmetiň netijesidir. Mähriban hem merdana enelerimiz bu işiň başyny çekýärler. Diýmek, adamzat dünýäsini kemala getirýärler. Şular hakda pikir edeniňde, eneleriň tutuş dünýäniň durkudygyna, bagtydygyna tüýs ýürekden ynanýarsyň.
Eziz balalar, eneler mertlik, merdanalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik terbiýesini bermek bilen bir hatarda, siziň gözellige, çeper sungata bolan garaýşyňyzy, olara guwanmak, sarpa goýmak häsiýetleriňizi hem ösdürmäge çalyşýarlar. Şonuň üçin mukaddes sallançaklaryň başynda eziz balalaryň aňyna ýag bolup siňýän bu hüwdüler has-da belent owazly ýaňlanýar: