Ýokary hil — esasy görkeziji

19 Mart 2021
2413

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürlerine alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmekleri üçin uly mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda edilýän tagallalara jogap edip, türkmen telekeçileri hem ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleridir möçberlerini artdyrmak, umuman, döwrüň talaplaryndan ugur alyp işlemek bilen, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şu nukdaýnazardan olar täze gözleglere ymtylýarlar hem-de dürli ugurlar boýunça kämil önümçilikleri ýola goýýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän hususy kärhanalaryň barha artýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Möwlam Çalyýewiň ýolbaşçylyk edýän, işçi-hünärmenleri dowamly, üznüksiz ösüş gazanmagy baş maksat edinip işleýän “Çaly” hususy kärhanasy-da şolaryň biridir. Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide bu kärhananyň eksport bölüminiň menejeri Şatlyk Gaýypow bilen söhbetdeş bolduk.

— Bilşimiz ýaly, «Çaly» gurluşyk serişdelerini öndürmekde adygan, öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Söhbedimiziň başynda kärhananyň ilkinji gadamlary, ýola goýan önümçilikleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

Söhbetdeş bolan Aýmyrat PIRJIKOW.
“Türkmenistan”. Surata düşürenler Ýuriý ŞKURIN, Ilaman ÇÜRIÝEW.