Gözel tebigatymyza buýsanç

23 Fewral 2021
1724

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, daş-töweregimizi gurşap alýan gözelliklere hossarlyk gözi bilen garamak türkmen halkynyň nesilden-nesle dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Bular ýaly häsiýet Ýer togalagynda bar bolan ähli halklara mahsusdyr. Şeýle hem agzybir halkymyzyň bagy-bossanlyga, haýwanat dünýäsine bolan garaýşynda aýratyn bir adaty bolmadyk mähremlik alamatlary mese-mälim duýulýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekişlik dabaralarynyň geçirilmegi, eziz Diýarymyzyň gözelliginiň has-da artdyrylmagy bilen bilelikde ekologiýa abadançylygynyň derejesini-de ýokarlandyrýar.

Ynha, 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Munuň özi saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň has-da köpelmegine, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine oňat täsirini ýetirer.

Annamuhammet MOMMYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.