Gadymy taryhyň şaýatnamalary

23 Fewral 2021
1435

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halkyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Çünki biziň gadymy ýadygärliklerimiz halkymyzyň taryhy köklerini açyp görkezýän ajaýyp gymmatlyklar hasaplanylýar. Olar milletimiziň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmekde, asyrlaryň jümmüşinde galan, wagtyň aýdyp bilmeýän syrly sahypalaryndaky ýazgylary okamakda bahasyna ýetip bolmajak miraslarymyzdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän Marguş, Köneürgenç, Altyndepe, Nusaý, Amul, Zemm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärliklerimiz geçmiş bilen şu günümizi utgaşdyryp, ruhy bitewüligi emele getirýär. Olar halkymyzyň şanly taryhy bilen geljekki nesilleri tanyşdyrmak arkaly diňe bir şu günümiz üçin däl, eýsem, ertirlerimiz üçin hem gönezlik bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän üç sany medeni-taryhy ýadygärlik — Gadymy Merw, Köneürgenç we Köne Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna girizilmegi dünýä alymlarynyň we jahankeşdeleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Häzirki döwürde dünýä taryhynda Mary welaýatynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli Marguş döwletiniň paýtagty Goňurdepe uly orna eýedir. Alymlaryň pikiriçe, Marguş kökleri taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan gadymy Gündogar medeniýetiniň iň irki ojaklarynyň biri hasaplanýar.

Ogulbaýram MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri.