Tamdyr

23 Fewral 2021
1582

Aslyň obaly bolsa, oba bagryň badaşan bolsa, irden seni öýüň alys-u-ýakyn ýerlerinden gelýän horazlaryň sesi oýaryp gören bolsa, sygyrlaryň molaşýan, goýun-geçileriň mäleşýän seslerini häli-şindi eşidip, Günüň yssy mährine ýylanyp, maňlaý deriňi döküp gören bolsaň, çagakaň oba ýaplarynda suwa çümüp, özüňden kiçilere ýüzmegi öwreden bolsaň, agaçlara dyrmaşyp, miwäni özüň ýolup, iýip gören bolsaň, towuk ketekden ýumurtga çöpläp gören bolsaň, tamdyrdan çykan gyzgynjak çöregi suwa basyp, iýip gören bolsaň we ýene-de şulara meňzeş kän zatlary eden bolsaň, bular seniň ýüregiň çuň ýerine ornaşyp, özüňi şäherlidirin öýtseňem, olary ýatdan çykaryp bolmaýar ekeni. Bu başdangeçirmeler seni terk etmeýän ekeni. Şonuň üçinem goňşyňa tagam dadyrasyň, bolanja ýerjagazyňa ony-muny ekip, suwaryp, şol tarapa seredesiň, güýmenesiň gelip dur. Bu meniň tamdyrly bolmagym babatda-da şeýle boldy.

Bir gezek köçämize tamdyr aýlap geldiler. Öňem-ä tamdyr alnasym gelýärdi weli, biýem üstüne urna boldy. Ýük ulagyň yzyndaky 5-6 sany tamdyry görüp, meniň höwesime täzeden jan girdi. Ýanýoldaşyma geňeşdim. Şäherde kemala gelenem bolsa, ýanýoldaşym şonda tamdyry beýlämde goýmak üçin alsam özüniň «öýkelejekdigini» (bu onuň meniň gowuja pikirlenmegim üçin tapan täzeligidi), şonuň üçinem käte bir gezek bişirsemem, ony gyzdyryp durmaly boljakdygymy boýnuma goýdy.

Güljan DURDYÝEWA,
žurnalist.