Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň buý­sanç­ly ga­dam­la­ry

22 Fewral 2021
1435

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak aja­ýyp gym­mat­lyk­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne gö­te­ri­len bu be­ýik gym­mat­ly­gy mi­ze­mez­li­giň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr. Hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gyn­da ― mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň er­kin, pa­ra­hat, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak ba­ra­da­ky süý­ji ar­zuw­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly taryhy, şu gü­ni hem-de be­ýik gel­je­gi jem­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne şu ýyl te­ge­lek 30 ýyl bol­ýar. Bu ta­ryh üçin on­çak­ly uzak bol­ma­dyk möh­let bol­sa-da, türk­men hal­ky üçin ägirt uly öz­ge­riş­likle­riň, öz­gert­me­le­riň, röw­şen gel­je­gi gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň, ag­zy­bir hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň gül­läp ösen döw­rü­dir. Ge­çen bu gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa sa­nar­dan kän­dir.

Häzirki bagtyýarlyk döwrü­mizde türk­men döw­le­ti­niň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýa­ýy­lyp, hal­ky­my­zyň mer­te­be­si has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ýö­red­ýän döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­ýan hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si­niň göz­ba­şyn­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga da­ýan­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sürüp, dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dostana gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyg­jam­laş­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu bol­sa Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan Ga­raş­syz­lyk we oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra möç­be­rin­de gol­da­nyl­ma­gyny şert­len­dir­ýär.

My­rat TAŞOW,
Çär­jew et­ra­byn­da­ky 37-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my, kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.