Bir gün babamlaryň howlusynda oýnap ýörkäm, sekiniň üstüne guşuň çagajygy patlap gaçdy. Ol sekä kölege bolsun diýip, babamyň eken tudundaky höwürtgeden gaçypdyr. Şol pursadam bir ýerlerden pişik geldi-de, ýaňky etene guşjagazy alyp gitmekçi boldy. Menem pişige haýbat atyp başladym hem doganym Ýagmyry çagyrdym. Ene guşjagaz jüýjesini gorajak bolup jan edýärdi. Pişik welin, örän arkaýyndy. Ahyry, Ýagmyr meniň sesimi eşidendir-dä, ylgap geldi.
— Eneş, näme boldy?