Eziz çagalar, siziň kitap bilen tanyşlygyňyz ertekidir hekaýalardan başlanandyr. Siz kitap arkaly dünýä akyl ýetirmäge, ýatkeşligiňizi ösdürmäge, kiçijik sowallaryňyzy çözmäge çalyşýarsyňyz. Ýazyjylar siziň üçin niýetlenen kitaplara öz dünýägaraýşyny siňdirip, çagalaryň düşünjesini ulularyň dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýarlar. Çagalar dünýäsini nazarlaýan şol eserlerde many çuňlugyna ýaşyň ulaldygysaýyn akyl ýetiriljek pelsepewi pikirlere hem duş gelmek bolýar. Biz türkmen we dünýä çagalar edebiýatyna degişli bolan meşhur ertekilerden, hekaýadyr goşgulardan çuňňur mana ýugrulan jümleleri saýladyk we olary size ýetirmegi makul bildik. Eziz çagalar, eger bu jümleleriň alnan eserleriniň käbiri siziň üçin nätanyş bolsa, onda sizde şol kitaplary okamak höwesiniň dörejekdigine berk ynanýarys.
Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň!
(Kaýum Taňrygulyýew, «Igde»).