1400 ýaşly agaç

21 Fewral 2021
1663

Her ýyl oktýabr aýynyň ahyrynda on müňlerçe adam Hytaýyň Gu Guanýin ybadathanasyna ajaýyp gingko biloba bagynyň ýapraklaryny döküşini we ybadathana toplumynyň ýaşyldan altyna «boýalyşyny» synlamak üçin gelýär.

Hytaýyň Şensi welaýatynyň Žunnan (Zhongnan) daglaryndaky Gu Guanýin ybadathanasynda Hytaýyň taryhyndaky beýik hökümdarlaryň biri bolan Tan dinastiýasynyň (618 – 907) imperatory Li Şiminýa üçin ekilen 1400 ýaşly gingko biloba bagy ösýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ýaran AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.