Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüşin kepili

19 Fewral 2021
2310

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky syýasatynyň ähmiýetli tarapy özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Garaşsyz ýurdumyzda tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de onuň köpdürlüligini gorap saklamak babatda diňe bir ýurt derejesinde däl, halkara derejede hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň bu ugra gönükdirilen halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda edilen taryhy çykyşlaryndan gözbaş alýar. 2012-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy üns berlen möhüm meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolmagy hem ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň halkara bileleşigindäki ykrarnamasydyr. Şu nukdaýnazardan hem ählumumy durnukly ösüşiň möhüm serişdesi hökmünde daşky gurşawy goramak, onuň biologik köpdürlüligini aýawly saklamak, tebigy serişdeleri netijeli ulanmak we ekologiýa abadançylygyny yzygiderli üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ör-boýuna galýar.

Gahryman Arkadagymyz Hazar deňziniň ekologiýasynyň sebitiň çäklerinde ýüze çykýan esasy wezipe bolup durýandygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzini, biologik köpdürlüligi gorap saklamakda, ekologik deňagramlylygyň bozulmagynyň öňüni almagyň esasy ugur bolup durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Orta Aziýa we Hazar deňzi sebitinde howanyň hem-de topragyň hapalanmagyny göz öňüne tutup, bu ýagdaýy gözegçilikde saklamak üçin, BMG bilen hyzmatdaşlykda ýörite sebitara merkezi döretmekligi teklip etdi. Şonuň üçin häzirki wagtda sebitde ekologiýany we daşky gurşawy goramaklyga döwlet tarapyndan jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Hojamyrat IŞANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.