Ömrüň manysy (oçerk)

19 Fewral 2021
2958

Kalbyň arassalygy, päk zähmet, ynsanlara bolan mähremligiň seni durmuş ýodalaryndan ýöredip, alyslara, ýagny umman ýaly uzalyp ýatan, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uzak ýollara saglyk hem-de bagtyýarlyk bilen alyp barýar. Durmuş ýollarynyň kötellikleri az däl. Ýöne aljyraman, howlukman, sabyrlylyga ten berip, ähli zady bolmalysy ýaly kabul edip, asuda, parahat ädimler bilen ýöräbermeli. Şeýle duýgulara gol bereniňde diňe özüň däl, eýsem, töwerek-daşyň hem durmuşdan ruhlanyp, lezzet alar, gözel dünýäni has-da görklendirer. Şeýle gözellikleri hemra edinseň, ömür daragtyň binýady berk bolup, gollaryny her ýana ýaýar. Ömrüň manysy hem, megerem, şularda jemlenýändir.

Ömür hakdaky duýgularyň girdabyna düşüp barýarkam, ykbalyny ene topraga, tükenmez mährini çagalaryna bagyşlan Enejan ejäniň sadalyk bilen ýylgyryp oturan keşbi göz öňüme geldi. Ol ýanýoldaşy, «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» Kadyr Seýidow hem-de dowamat-dowamy bagtyýar çagalary, agtykdyr çowluklary bilen altmyş ýyla basalyk Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň Ýasydepe obasynyň Daýhan köçesinde ýaşaýar. Garagum sährasynyň jümmüşinde seleňläp görünýän obanyň bu köçesiniň ene topragy başlaryna sežde edýän Seýidowlaryň hatyrasyna «Daýhan» diýlip atlandyrylmagynyň öz sebäbi bar. Enejan eje bilen Kadyr aganyň kemala getiren dört gyzy, alty ogly ykballaryny rysgal-bereket eçilýän ene toprak bilen bagladylar, hersi bir maşgala ojagyny gurup, şu köçäniň ugrunda mekan tutdular. Oba adamlary:

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».