Ýogsa-da, ene ýaly beýikligi, gymmatlygy, ezizligi şondan başga nämä deňäp bolar?! Kalbymyzyň mydama açyk duran penjiresinden hatda jyklasaň hem ondan ilki bilen enäniň nurana keşbi görünýär. Olaryň ornunyň kalbymyzyň töründe bolmagy bize dogry ýoldan ýöräp, durmuşda manylydan halal ýaşamaga mümkinçilik berýär. Ol keşp gijede-girimde azaşaýsak, säwlik goýberäýsek dogry ýola salýar. Eger-de, birden, büdräýsek bolsa, goltugymyzdan galdyrýar. Munuň özi, biz her näçe dogumly, berdaşly bolsak-da hemişe enäniň mährine, söýgedine, ruhy goldawyna daýanýandygymyzy aňladýar. Olary hatda düýşümizde görsek hem «Agşam düýşüme ejem giripdir...» diýip, ony ýagşylyga ýorýarys. Ondan egsilmez ruhy güýjüň gelýändigini duýýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda milli ýörelgelerimiz bilen birlikde, enäniň güýji hakynda ýörite durlup geçilýär. Ol ýürek ýazgylary kitabyň «Ynsaplylyk» diýlip atlandyrylan bölüminde giňden beýanyny tapýar. Bu bölüm «Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär...» diýen sözler bilen başlanyp, onda ata-enäniň eýeleýän ornunyň iňňän ýokarydygy nygtalyp, has süýji sözler mähriban ejelerimiziň adyna gönükdirilýär. Şundan hem görşümiz ýaly, eje — ol ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, hemrasy, kalbynyň soltany... Bulary aýratyn nygtaýandygymyzyň sebäbi, bu bölümdäki gürrüňleri Gahryman Arkadagymyz enäniň güýji bilen baglanyşdyryp, «...Mähriban eje diýen sözüň bedene gurbat berýändigi üçinem sen uly işleri öz öňüňde maksat edinip goýýarsyň. Şonda nireden adama güýç gelýändigine haýran galaýmalydyr. Şuny duýýandygy üçinem adam bagtlydyr...» diýip, ömrüň şol günleriniň bahasyzdygyny unutmazlygy sargaýar.