Dalaşgärler hödürlenildi

8 Fewral 2021
1285

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda saýlaw möwsümine şu ýylyň 2-nji ýanwarynda badalga berildi.

Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem 28-nji martda geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.