Çaga terbiýesi — mukaddes iş

7 Fewral 2021
1583

Ýaş nesliň talabalaýyk, döwrebap terbiýelenmegi hem bilim almagy, saglygy, wagtynyň gyzykly, şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has rowaç hem bagtyýar bolmagynyň güwäsidir, çünki şu günki çagalar ertirki gün ýurdy dolandyrmaly, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Çagalarymyzyň bilimli, arassa ahlakly ýaşlar bolup ýetişmegi biziň berýän terbiýämize, olara bagyşlaýan söýgimize baglydyr. Çagalar biziň baş aladamyzdyr. Terbiýeçilik işi örän uly jogapkärçiligi talap edýär. Şoňa baglylykda, ata-eneleriň, mugallymlaryň bu işe has-da ünsli çemeleşmegi zerurdyr.

Çaga terbiýesi köp derejede ene-atanyň, terbiýeçiniň, mugallymyň özüni alyp barşyna bagly bolup durýar. Terbiýeçilik işi ähli pursatlary öz içine alýar. Çagalar görýän zatlaryna syn edip, olary ýadynda saklaýar.

Aknabat GUWATAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy.