Tagamy datly türkmen ýeralmasy

7 Fewral 2021
1489

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýeralma ekip ýetişdirýän telekeçileriň we kärendeçileriň sany indi ýylsaýyn artýar hem-de türkmen ekerançylary geçen ýyl ýurt boýunça müňlerçe gektar meýdana ýeralma ekip, ondan bol hasyl almagy başardylar.

Geçen asyryň kyrkynjy ýyllaryndan soň, türkmen Diýaryndaky mes toprakly ýerlerde badat, ýeralma ekmek has rowaçlanyp başlaýar. Eýýäm ellinji ýyllaryň ikinji ýarymynda Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşen Köşi, Ýalkym, Gökje, Bagyr, Gurtly… ýaly obalaryň ekin meýdanlarynda türkmen daýhanlary ir we giç ýetişýän ýeralmalary ekip, olardan örän ýokary hasyly ýygnamagy başarypdyrlar. Netijede, ol obalarda ýeralma ýetişdirmek boýunça ussat ekerançylar nesli kemala gelipdi.

Juma ATAÝEW,
žurnalist.