Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

5 Fewral 2021
2638

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär. Döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm üns berýär we oňa ägirt uly maliýe serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar. Milli Liderimiz amala aşyrylýan giň möçberli çärelere garamazdan, bu ulgamda käbir kemçiliklere ýol berilýändigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmeýändigini belledi.