Aşgabat — binagärligiň täsin nusgasy

4 Fewral 2021
1753

Türkmen halky işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi bilen dünýäde özüni tanadan halkdyr. Köşkdür binalary, ýoldur köprüleri gurmakda geljekki nesillere nusgalyk miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşygyndan emele gelen nurana binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, yzygiderli senagatlaşmagy ata Watanymyzyň ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, soňky ýyllarda ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan gözbaş alýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ýurdumyzyň ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň döwrebap gözelleşmegi, abadanlaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» paýtagtymyzy özgertmekde hil we mazmun taýdan täze derejäniň, öňdebaryjy halkara tejribäniň gazananlarynyň, iň kämil innowasiýalaryň üpjün edilmegine gönükdirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.