Parahatçylygyň gözbaşy

3 Fewral 2021
1223

Bedew batly Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň abadançylygynyň, ählumumy howpsuzlygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Hut şu nukdaýnazardan Bitarap Türkmenistan indi diňe bir parahatçylyksöýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, ony berkidiji we muňa dünýä döwletlerini çekiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär.

Soňky 30 ýyla golaý taryhy döwrüň içinde eziz Diýarymyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy goldamakda, goňşy Owganystanda abadan durmuşyň höküm sürmegine ynsanperwer we doganlyk kömegini bermekde dünýä nusgalyk işleri bitirdi. Dünýä jemgyýetçiliginde milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän ählumumy we umumadamzat başlangyçlaryna ýokary baha berilse, ýurdumyzyň alyp barýan açyk we aýdyň syýasaty bolsa beýleki döwletleriň bize ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyna esas döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi-de ählumumy parahatçylyga daýanýan özboluşly daşary syýasatymyzyň ornuny we ähmiýetini has hem berkitdi.

Laçyn AZIMOWA,
«Çäksiz diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.