Binagärlik sungatynyň dürdäneleri

3 Fewral 2021
2818

Ajaýyp desga

2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sinde gurlup ulanmaga berlen Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşinde ýerleşýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi özüniň ajaýyp binagärligi bilen köpleriň ünsüni çekýär. Bu özboluşly desga «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 211 metre barabardyr. Binada dürli görnüşdäki gepleşikleri taýýarlamak hem-de kebşirlemek üçin niýetlenen studiýalar, işgärler üçin naharhana, dynç alyş otaglary, kafeteriýa bar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini desganyň 29-njy gatynda ýerleşýän aýlanýan restoranda synlamak has-da lezzetlidir. Bu täsin desganyň özboluşly binagärligini, ajaýyp şuglasyny bolsa hatda gijelerine hem paýtagtymyzyň dürli künjeklerinden synlamak bolýar.