Ýü­rek­ler­de ýaşaýan ýa­dy­gär­lik

3 Fewral 2021
1572

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynyň 25-ine paýtagtymyza we onuň töweregine iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan eziz Arkadagymyz ençeme meseleler bilen bir hatarda dag etegindäki ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Şükür bagşynyň heýkeliniň ýanynda hem saklandy. Ahalteke bedewine atlanan Şükür bagşynyň ýadygärligini we onuň töweregini hasam gözel keşbe getirmegi, arassaçylyk we abadançylyk işlerini geçirip, gülzarlyga öwürmegi tabşyrdy. Şonuň esasynda-da hormatly Prezidentimiziň 28-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä dolanylyp, degişli ýolbaşçylar tarapyndan Şükür bagşynyň hormatyna dikilen bu ýadygärligiň töwereginde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hasabat berildi. Şundan hem görşümiz ýaly, öz döwründe parahatçylygy sungatyň üsti bilen dabaralandyran we şu güne çenli ýüreklerimizde ýaşap gelýän Şükür bagşynyň bu ýadygärligi iň bir gözel we gelim-gidimli ýerleriň biri bolar.

Biz, Şükür bagşyny elmydama-da, bedew atyň üstünde, dutarly göz öňüne getirýäris. Çünki ol agasyny halas etmäge gidende-de çarkandakly ýollary şeýle atyň üstünde ýeňip geçipdi, maksadyna-da ýetipdi. Bu günki günde iň bir gözel ýerleriň birini Şükür bagşynyň bedew atyň üstündäki arkasy dutarly heýkeliniň bezäp oturmagy we ol ýeriň hasam gözelleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň saz sungatyna goýýan sarpasynyň iňňän uludygyny görkezýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».