Işjeň hyzmatdaşlygyň nyşany

2 Fewral 2021
1605

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, netijeli, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamak we ösdürmek bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin, halkymyz üçin bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda ägirt uly işleri alyp barýar.

Aýnur ÇUNGUŞOWA,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Berkarar şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.