Bank ulgamynyň hukuk binýady

31 Ýanwar 2021
2026

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem kämilleşýär. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr» diýip, belleýär. Şu nukdaýnazardan, bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Ýurdumyzda dünýä tejribesine laýyk gelýän bank kanunçylyk binýady kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda: «Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär» diýip kepillendirilýär. Şu konstitusion kadadan gözbaş alýan, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň, döwlet häkimiýet edaralary, karz edaralary bilen onuň özara gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.