Pagtany gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynda

31 Ýanwar 2021
2735

Mary welaýatynyň pagtaçylary we oba hojalyk işgärleri «ak altyny» gaýtadan işlemekde uly işleri alyp barýarlar. Bu möhüm iş sebitiň ähli pagta arassalaýjy kärhanalarynda-da depginli dowam etdirilýär. Işe girizilenine golaýda 25 ýyl bolan, Türkmengala etrabynyň çäginde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçileri bolsa, has ýokary görkezijileri gazanmak maksady bilen joşgunly zähmet çekýärler. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda gurlup, ulanylmaga berlen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada öndürijilikli işlemek üçin ähli şertler bar. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy bolsa 45 müň tonna barabar. Bir ýylda şonça mukdardaky orta süýümli gowaça hasylyny gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhanada işine ezber işgärleriň 300-den gowragynyň 3 çalşykda işläp zähmet çekýändigini nazara alsaň, onda geçen çärýek asyryň dowamynda bu ýerde gaýtadan işlenen pagtanyň az bolmandygyna göz ýetirmek bolýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünlikleri bilen garşylan işçiler şu günler gündelik 130-140 tonna hasyly gaýtadan işlemegiň hötdesinden gelýärler.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.