Almany uzak wagtlap ter saklamagyň ylmy usuly

31 Ýanwar 2021
2899

Biziň «Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweleri we gök-bakja ekinlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly tema boýunça alyp barýan ylmy-barlag işimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnyp, onuň maksady ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän almanyň giçki möhletlerde bişip ýetişýän sortlaryny öý şertlerinde we sowadyjylary ulanyp, önümiň harytlyk çykymyny ýokary derejede saklamakdan, ahyrynda önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Biz, esasan, alma miweleri uzak saklananda, onuň biohimiki görkezijilerine täsirini anyklamak boýunça ylmy işleri geçirýäris. Geçirilen biohimiki barlaglaryň netijelerine görä, tejribelerde ulanylan almalaryň himiki görkezijileri özara ep-esli derejede tapawutlanýarlar. Almanyň «Renet Simirenko» we «Starkrimson» sortlarynda gury maddalaryň mukdary, takmynan, bir derejede saklandy. «Golden delişesde» bolsa bu görkeziji beýleki sortlara görä, 2 göterime çenli ýokary boldy. Miweleriň şireleriniň düzümindäki gantlaryň mukdary babatynda «Golden delişes» sorty düzüminde 15,9 göterim gant saklap, ol barlanan nusgalaryň arasyndan iň hoşboý tagamy bilen tapawutlandy. Bu bolsa önümiň harytlyk gymmaty üçin ähmiýetli görkezijidir.

Jeren GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy.