Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan giň möçberli işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bu öňdebaryjy ulgam örän çalt depginler bilen ösüp, dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ulanylýar. Bu ulgam önümçilik, bilim, saglygy goraýyş, ulag kommunikasiýa ulgamlarynda, işewür telekeçilikde hem-de beýleki dürli ugurlarda giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýet ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli, köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlar gurşawyna çykmak we olaryň dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijiler üçin elýeterli bolmak şerti has-da ýokarlanýar. Harytlary we hyzmatlary göni aragatnaşyk ulgamynda hödürlemek mümkinçiligi artýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy esasy ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyny we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün edýär. Önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, özara maglumat alyşmagyň hasabyna bilimleriň we tejribäniň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri has-da artdyrýar.