Garaşsyzlygy goramak — mukaddes borjumyz

28 Ýanwar 2021
1813

Bu ýyl döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda geçen bu döwürde hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, döwletimiziň her bir pudagynda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda çapdan çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler biziň halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut etdi» diýip buýsanç bilen belleýşi ýaly, gazanylan bu ösüşlerde her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmeti, uly hyzmaty bardyr.

Hawa, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes güýje eýe bolan sözdür. Bu söz ata-babalarymyzdan miras galan Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine ynamly bakmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden, ähli ulgamlar babatda öňegidişlikler gazanyldy. Çünki biziň ösüşlerimiziň gözbaşy-da, çeşmesi-de Garaşsyzlykdan başlanýar. Halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýanlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň miwesidir. Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary we içeri syýasaty netijesinde bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny goramak, harby kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýaş nesli gaýduwsyz hem merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, wepalylyk ruhunda terbiýelemek esasy wezipeler bolup durýar. Çünki milli Garaşsyzlygymyzy we onuň miwelerini goramak ilkinji wezipedir. Şu nukdaýnazardan hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işine aýratyn ähmiýet bermek möhüm bolup orta çykýar. Bu babatda milli Liderimiziň atalyk kitaplary gymmatly gollanmalardyr.

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».