Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen täze sepgitlere ugur aldy. Geçen 2020-nji ýyl hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Gyzyl meýdançada» merdana türkmen ýigitleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bilen Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guralan dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Bu ýörişden dabaraly ýagdaýda geçen Watan goragçylary ildeşlerimiziň merdana watan gerçeklerine bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy. Çünki Watanymyzyň bagtyýarlygy, biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Mähriban Watany bagtyýar etmek bolsa, onuň merdana ogullarynyň gerdenine düşýär.
Ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyna sowgat eden kitaplarynyň ählisi terbiýeçilik temasynda bolup, olar harby gullukçylaryň gündelik durmuşynda ulanýan gollanmalaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ömrüň manysy — Watanyň rowaçlygynda» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçly ýollara beslenip, täze ýeňişleri gazanmagynda her bir Watan goragçysynyň mynasyp goşandy bolmalydyr. «Meniň hünärim, mähriban Watanymy, eziz topragymy goramakdyr» diýen şygar astynda harby gullukçylar eziz Diýarymyzyň mukaddesliklerini gözleriniň göreji deýin gorap saklamaga häzir bolup durýarlar.