Saýlawlara taýýarlyk: milli synçylar bellige alyndy

27 Ýanwar 2021
1432

Demokratik ýörelgeleriň täze we döwrebap ýörelgelerini nazarlaýan hem-de halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi.

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.