Milli mirasyň muşdagy

26 Ýanwar 2021
1265

Başlangyç synp okuwçysykam «Görogly» şadessanyndan käbir düşünmeýän sözlerime gabat gelenimde, olaryň manysyny tirip bermegi ejemden haýyş ederdim. Ejem mollada okapdy, sowatlydy. Bir gezek «Ýigit gerek herbap, herbap» setirindäki «herbap» diýen sözüň manysyna düşünmän, ejemden soradym. Ol: «Oglum, birnäçe işi, käri başarýana herbap adam diýilýändir» diýdi.

Biziň şu makalada gürrüňini etjek kişimize — Hangylyç Tagangylyjowa hem herbap adam diýmek bolar. Ol — mugallym, folklorçy, mirasgär, agramly oçerkleri, makalalary ýazýan, şahyrçylykdan hem başy çykýan, şeýle-de dilçi, edebiýatçy, okumyş adam. Biz onuň bilen uzak ýyllaryň dowamynda dostluk gatnaşygyny saklap ýörüs. Käbir köne sözleriň manysyna düşünmesem, jaň edip, Hangylyçdan soraýaryn. Aýdylyşy ýaly, çöp döwen ýaly edäýýär. 

Amanmyrat MAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.