Ulag ulgamy ösdürilýär

25 Ýanwar 2021
1651

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda özara bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürüp, hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn geçirilen duşuşyk aýdyň mysal bolup durýar. Bu maslahatda döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Öňe sürlen teklipler, ýagny, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etmegi; ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedir. Ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdygy hem nygtaldy. Şeýle-de, üçünjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýandygy barada aýdylmagy; dördünjiden bolsa, milli Liderimiz «Bitewi penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň «ASYCUDA» atly ýörite maksatnamasy üstünlikli ulanylýar. Maksatnama ýurdumyzyň gümrük gullugy üçin niýetlenendir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ýurtlarymyzyň gümrük gulluklarynyň arasynda peýdaly tejribäniň alşylmagy tutuş Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça «ýaşyl geçelgäni» döretmäge ýardam eder diýip hasap edýärin» diýip nygtamak bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamak zerurdyr. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary barada jikme-jik maglumatlary görkezmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de munuň ahyrky netijede bu geçelgäniň maýa goýum we täjirçilik babatda özüneçekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini bäşinji teklip hökmünde öňe sürdi.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.