Döwrümiz bar, döwürlerden sapaly

25 Ýanwar 2021
1657

Mähriban halkymyz şu günlerden özüniň baş baýramçylygyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Döwlet Baştutanymyz golaýda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda geçiriljek ähli medeni çärelere hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi.

Gysga döwrüň içinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, energiýa howpsuzlygynyň, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň doktory.