«Görogly» eposy we aýdym-saz

21 Ýanwar 2021
2012

Hormatly Prezidentimiziň: «Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen «Görogly» eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, «Görogly» eposy halkymyzyň gadymy, medeni baýlygy bolup, ussat dessançy bagşylarymyz tarapyndan halka ýetirilipdir. Wenger alymy A.Wamberi bu barada şeýle ýazýar: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir. Toý-tomgada ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde... aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy». Görşümiz ýaly, eposyň ýaýramagynda bagşydyr sazandalaryň hyzmaty örän uludyr.

Epos tutuşlygyna aýdym-saz sungatyna ýugrulan. Ondaky gahrymanlar ähli wakalary gazallaryň üsti bilen beýan edýärler. Dutar saz guraly bolsa eserde başdan-aýak baş gahrymanyň ýansyrdaşy, esasy ýaragynyň biri hökmünde görkezilipdir. Eposda dutar sözüniň gazma (gazma — gazmak işliginden, ýagny dutaryň tut agajynyň ýa-da erik agajynyň galyň böleginiň içiniň oýulyp, gazylyp ýasalýandygy üçin) diýlip, iki görnüşde atlandyrylýan ýerlerine gabat gelmek bolýar. Meselem: «Aşyk Aýdyň pir bagşyçylyk bilen, saz bilen, söz bilen iş bitýän bolsa, birinde hakyny goýberjek adam däl. Ol indi öz diýeniniň boljagyna gözi ýetip, Görogly ýaly şägirdiniň bardygyna guwanyp, eline tylla desseli gazmasyny alyp, gollaryny çermäp, sazyny timarlap, dutaryň gapagyna kakyp, ýüpek kirşinden zaryn ses çykaryp, görene göz, eşidene gulak edip, bir nama aýdar boldy gerek».

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.