Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda möhüm işler amala aşyrylýar. Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler geçirilýär. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, durmuş maksatly dürli desgalardyr binalar gurlanda olaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyrylýar we agaç nahallary oturdylýar. Täze binalaryň ulanyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg häsiýetnamalaryna uly üns berilýär.
Ägirt uly giňişlikleri we täsin tebigy aýratynlyklary bolan Garagum sährasy ýurdumyzyň esasy tebigy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garagum sährasynyň ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi.